11:32 Hoş sözli goşgy | |
“Agam jan, biziň dükany, Halaýar bar halaýygam. Gel, daş ýörme, zat gözleme, Taparys saňa laýygam”! “Gowadam bolanyň üçin, Halal etjek bereniňi. Utulsam-da, aňyrkyny Altmyşdan al, ber eliňi”! “Ýumşak ulaga mün, agam, Äber bäri goşhaltaňy! Barjak ýerňe basym barýas, “Klent” alyp birküç sany”. Şeýdip öňüňden çykylar, Şeýtseler diliň tutular. Hilegärje dilewarlar, Hoş sözden serhoş ederler. “Aladaň edip”, jübiňde Galanjaňam gidererler. Hoş söz diýlen bir güýç-gudrat, Hem ynsan göwnüniň nagşy. Iniler, hoş arkasynda Bähbit gizlenmese ýagşy. 2024 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
