16:29 Göwünden düşmek | |
Kalbym ozal serhedi ýok sährady, Onda zeýkeş ýokdy, ýokdy bir tiken. Mendim saňa duşup akmaklyk edip, Köňlümi bölekläp araçäk çeken. Onsaň näme? Onsaň gatlak döredi, Çür başy sen bolduň, sakçysy özüm. Ah, goradym hatda maşgalamdanam, Hiç hili tanyşlaň diňlemän sözün. Seniň ýakynlarňy çykardym depä, Käbir dostlarymy etdim men surgün. Ýaşadym şu günli, ýaşadym senli, Emma, Durmuşda bar eken erte hem birgün... Harmanyň çäji deý sowruldy gitdi, Özi ýeke mydam gözüm dikenim. Olam hiç-le, ýöne, Gynanýan, gözüňden düşmejek bolup, Örän köp göwünden düşen ekenim. Ahmet ARAZOW. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
