14:01 Gözden akan ýaşlaryma | |
Sebäp bolduň eý gözlerim, Gözden akan ýaşlaryma. Yhlas erdiň sen sözlerim, Pikiriň serinen huşlaryma. Ýandyryp köňlümni girýan, Mežnun deýin bolup haýran, Dag düz çölde kölde her ýan, Yşgy baglap başlaryma. Çapdyrdyň dünýäni kowup, Syrdyň mülku-gazna ýygyp, Dünýä malyn sowuryp sowup, Nebsu gähim hoşlaryma. Iman gözni kör eýleýip, Nähak haka şer baglaýyp, Süýji şeker söz söýleýip, Guçup melgun işlerime. Magryf maşryk göreşlerim, Jahanda köňül işlerim, Derde goýup bu başlarym, Syrdaş bolunan gaşlaryma. Halmyratdan bolsa gün soň, Günähleriň geçilmez seň, Bolup-ha sen asla dürs geň, Ýigrimi dörtli ýaşlaryma. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
