10:26 G.M | |
Eger seniñ bir ýylgyrşyñ, bir sözüñ, bir garaýşyñ Birni bagtly edýän bolsa; Eger biri "Ýok" diýeñde, Girip derwüş sypatyna, Daga-düze gidýän bolsa; Eger biri seni görüp, Keselinden gutulsa; Kyn pursatda Hudaýyñ däl, Seniñ adyñ tutulsa; Saña, bir azaşan teşnäñ Ýetişi deý suwly çeşmä, Soñky demde ýetilse... Eger sen şondan soñam Gidip bilseñ "Ýok" diýip, Gaty uzak ýaşarsyñ Diñe özüñi söýüp. Ýykylmarsyñ bimahal Ýürek agyryñ tutup. Söýgi bagty - kör bije, Bir gezek bolýa utup. Gaty uzak ýaşarsyñ sen, Saçyñam agarmaz, mümkin... Ýöne, saña hiç kim aýtmaz - Nämäñ hatyrasyna Ýaşadyñ sen? Kim üçin? Şiraly NURMYRADOW. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
