21:33 Güýz | |
|
Gün gysgalar, ýagyş ýagar tiz-tizden, Geldim, "güýz başlandy" diýen netijä. Gapym açyp, geleriňe garaşdym, Näm üçin, näm üçin sen galdyň gijä? Nahar wagty boldy. Ine, burç, çörek, emma sen ýok diýip galdym men ünjä, goýan çakyrymyň ýaryny içdim. Näm üçin, näm üçijn sen galdyň gijä? Bal ýaly miweler bagyň üstünde, meňzeýärler ýüpe düzülen hünjä. üzülip ýere-de gaçardy olar, sen azajyk galan bolaýsaň gijä. 1949 ý. Nazym HIKMET. Terjime eden Allaberdi HAÝYDOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
