23:14 Güýz ýagşy | |
Öýleden soň ýüzün garaňka tutup, Başlady güýz ýagşy ýagmaga ýene. Kalbyňa çen aralaşýar jümşüldi, Sowuk damja degeninde bedene. Saralan ýapraklar ýatyr paýraşyp, Şahada galanam taýyn tänmäge. Duýgularym saralsa-da, solsa-da, Mejbur etmez õz söýgimden dänmäge. Guran ýapraklarda döwülýär damja, Ses edýär güýz ýagşy şybyr-şybyrdap. Hem: “Ol indi hiç wagt dolanmaz” diýip, Gulagyma çawuş çakýar pyşyrdap. Tänmesin arzuwyň. Güýzüň bir güni Dömmesin islegiň yza gaýtmaga. Bagtly bolsaň bolýar. ...Aý, menem näme... Maňa-da Güýz bar-a arzym aýtmaga. Çemen ANNABERDIÝEWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
