05:48 Sähra saçak ýaýypdyr | |
Bahar aýy bardyk ýene Sähraň myhmanhanasyna. Ýerden göterlip göwnümiz, Ýetdi Gögüň aýasyna. Ýaýypdyr sähra saçagyn, Şeýle bir giň hem hemmä deň. Kebelekler balarylar Gaýmalaýar görüşip geň. Gelýä gözel keşbin ýaýlaň Göz bilen iýiberesiň. Bu meýdanda çem geleni Gelýä gujaklaberesiň. "Beýik Türkmenbaşy nesli" gazeti. ÇEMEN ANNABERDIÝEWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
