00:26 Güýzde ýazylan goşgy | |
Gargalaram gagyldaşyp goýanok, Gybat edip, urýar olar söhbeti. Bir-birine göwni ýetenok, asyl, Beýle-de bir etmek bolarmy gepi?! Olar halanybam barlanok kän bir, Görse, çagalaram daşlap ýör, ine. Olañ bolsa öz-özünden keýpi kök, Düşen ýaly bagtyñ wysal deñzine. ...Seret, çekilen deý owadan görnüş, Didelerim bakyp-bakyp doýanok. Gary ýagýanyny buşlaýan ýaly, Gargalaram gagyldaşyp goýanok. Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
