01:06 Gybat | |
|
Şäherdäki doganlama gaýdypdym, Gabat geldi birden obadaş Oraz. Diýende "ugruň ýok", diýipdim menem, - Aý, ýöne, aýagym agyrýar biraz. Iki hepde ýene oba dolandym, Bir geňsi dikanlap bakýarlar maňa. Başlyk ýoldan çykyp ilki ýüzlendi: - Hallaryň neneňsi aýakdan ýaňa? Soňra obadaşlar Bahardyr Parça, Diýdiler: - Abatmy çykan aýagyň? Gaşlaryn çytdy-da Mamajan daýza: - Haý, ýegen, iýipsiň şäher taýagyn! -Oglumjan bolarsyň görmedik ýaly. Diýeni ýaňydy Mähriban eje. Şo bada baldyzy: -Ýasama aýak bolarmy öňki deý heý-de gelneje! Goňşym diýdi: - Gutulduňmy bireýýäm, Aýagyň döwülip ýatypsyň aýlap. Hälem, Alla şükür, gybatçylarmyz, Diňe soňky ýola eltmändir jaýlap. Ahmet ARAZOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
