22:06 Gyş etýudlary | |
I Ak gar tozgalaýar, Ak gar syraýar, Göziň iýip barýar onuň ýalkymy. Baldaklardan, ýandaklardan enaýy, Sallanyp dur şelpeleriň salkymy. Başdan-aýak ak geýinen gyşymyz, Dil bitirdi şahadaky guşlara. Başym gurban tämizligne dünýäniň, Başym gurban şeýle täsin gyşlara. Ýeriň ýüzün nur büräpdir durşuna, Doýup bolmaz giň sähranyň meňzinden. Şu pursatda bedew ata atlanyp, Aşsam diýýäň uzak-uzak menzilden. Has-da ajap, ak görünýär alyslar, Ho-ol uzakda gözýetimiň halkasy. Dünýäde şeýle bir ýaşasyň gelýär, Münewwer bolupdyr ýeriň arkasy. Bir ýerlerde ogry şagal aglaýar, Ol dünýäniň aklygyny söýenok. Boýdan-başa ak geýinen gyşymyz, Şagallara barmysyňam diýenok. 26.01.1979 ý. II Bu ýyl has gijigip, Gijigip geldiň. Aýt, gyşymyz bu neneňsi hasapdyr?! Goly tutup ýatan syrkyn, selmeler, Ak garlardan ak ýaprak ýasapdyr. Buzdan dörän geň-enaýy seçekler, Lowurdap dur üçekleriň erňegi. Bir seretseň olar dürler mysaly, Bir seretseň ak gelinleň barmagy. Garry dünýäň maňlaýynyň gasyny, Garagumuň geriş-geriş çägesi Bolluk bilen ak pudra sepipdir, Gelen ýaly ýaşlygyna dönesi. Töwerege ak köpükler saçypdyr, Görüň, bu gün çille mesi küküräp. Sen gara däl, Sen biziň ak gyşymyz, Ak nuruňy eçil bize köpüräk. 27.01.1979 ý. Sapargeldi HUDAÝBERDIÝEW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |