02:19 Hakym bar ýaly... | |
"Men ýaraly gurt sen gurbanlyk guzy" Baryş Manço. Men ýaraly gurt - sen gurbanlyk jeren Yşk bize gadagan bolsa-da i:rden; Ikimiz şu sähraň bagryndan inen, Ikimizem ganýas şol bir güzerden... Bu hekaýa bize gadagan ýaly Ýöne sähram sensiz bitagam ýaly... Bir seretsek aýra ýaly ýolumyz Men gowgaly pikir- sen gözel hyýal! Saý sebäpler aýyrsa-da ýolumyz Bir janda, bir tende garaşýar wysal... Ykbal ak patasyn bermejek ýaly welin, ýürek sensiz urmajak ýaly... Göwün gözgim - jahankeşde bulutlar Maksadym - menzilim - hasylym - ýaşym... Gel, gör! Sowuk şöhläň badym urup dur Bu älem dar maňa göwşn kuýaşym... Ol gadymy alaw öçmejek ýaly Herhal ömür sensiz ötmejek ýaly... Täleýiň niýeti-matlaby nirä, Haýsy ýana rowan bu gadym heňňam? Bilemok, bilýänim - ikimiz läläm, Kadadan-galypdan çykdyk bir eýýam... Hem seni söýmäne hakym ýok ýaly Hem sensiz du-jahan ýakym ýok ýaly... © Taýmaz SEÝIDOW. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
