22:03 Meniñ ahwalym - gyşyñ ykbaly... | |
|
Dekabr aýazy gondy ýurduma, Tebigat bürendi gazap nikabyn. Meçew berip meniň köne derdime Ýyldyzlar soraýar ýyllaň hasabyn... Ümürler gizleýär bagtyň ýodasyn; Şekiller düşnüksiz doňan peýzažda. Leglek ruhum gözläp wysal adasyn Derýa-deňizlere edip ýör sežde. Bir tarapda ruhsuz tenim - ýalaňaç, Goşa, şor çeşmeden kökün suwarýar.. Bir tarapda bokurdagy dolan gyş, Aglabilmän ýalaz-aýaz ýüwürýär... Gyrawlan söýgimi ýatladýan baglar, Bilsediler has bagtyýardyklaryn. Bahary ýene-de gujaklar olar, Men bolsa ýitirdim yşgyň depderin... Sowuk nazaryňa sezewar bolan Dünýämde gyş hekem ýyllardan bäri.. Ýylanok gursagym - ýylanok jahan, Ne Gün täsir edýar, ne ot, ne däri. Jahana kim peşgeş berdikä gyşy? Ýa düşdikä kimiň sowuk bakyşy?... © Taýmaz SEÝIDOW. | |
|
| |
