09:19 Hyýal | |
* * * Eý, hiç mahal hasyl bolmajak hyýal, Niçik dözüp bilýäň sen meni gama! - Biziň aramyzda söýgi mümkin däl, Dost bolup galaly…-diýýärsiň maňa. Diýýärsiň:-bu bolşuň geňlärler iller, Diýýärsiň:-birneme rahatlan, köşeş! Silmi ol, gaýadan gaýdanda siller, Gara daglar bilen gurmasa söweş! Silmi, derelere urunup her ýan, Hana tapmasa ýa ýitip gitmese?! Eýsem, söýgümi ol Salymyn bermän Bagtyna ýa hasratyna ýetmese?! - Men saňa dost bolup bilerin diňe- Diýýäň:-haýyş- sen hem şu ýagdaýda gal! Ezizim, açygyny aýdaýyn saňa, Biziň aramyzda dostluk mümkin däl! Nämä gerek bir-biregi aldamak, Nämä derkar bize sözlemek ýalan! Sen maňa dost bolup seretseň her çak, Men bakaryn aşyk gözlerim bilen! Ynjasaň-da, begenseň-de näler sen, Bu duýgy-baýlygym, alyp giderin. …Sen meni ýigrenip garrap galarsyň, A men seni söýup ölüp giderin! Tirkeş SADYKOW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
