20:22 Hyýal | |
Hyýala berildi ýetginjek ýigit, Arzuw hem goşulup gitdi hyýala. Başyny ýassyga goýan mahaly Ýüwrük pikir duş gelmedi zowala. Saýlady gyzlaryň gowdan~gowsyny, Bir ajap gözele syn etdi durdy. Nazaryn aýyryp bilmedi ondan, Gyzyň mährin öz mährine ýugurdy. Mylly Täçmyradyň sazyn berip dur Sary radio elýeterinde. Hyýal bolsa iň ýokary perdeden Kuwwat alýar, belki, gerek ýerinde. Golaýynda ene~ataň söhbeti Gulagyna çala ilýär uzakdan. Hyýal bolsa, etjegini edip dur, Böwet bilmän çägaradan-çyzykdan. Garaýolly. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
