13:09 Namysyň derejesi | |
Sada ýigit ynanypdy "dost" diýip, Bilmän ynam-ygtykatyň çägini. "Dost" diýilýän bet niýete has uýup, Duzun iýip, azdyrypdy gäbini. Onuň maşgalasyn alyp nazara, Gözlerini çarhlap, ogryn bakýardy. (Galam titireýär yzyn ýazara), Bolşy gelne günbe-günden ýakýardy. ...Gyzgyn posalaryň haram lezzeti Ikisiniň ygtyýaryn alypdy. Işikde duranyň köňül ezýeti Ynamyn ýer bilen ýegsan kylypdy. Wejera görnüşe gahar gaýnady, Go:mlaryň içinde urdy küregi. Aşhana pyçagy elde oýnady, Ildirdi ujyna iki ýüregi. "Bar-diýýärler-herki işiň alajy", Bu söz düşer daryganlaň ýadyna. Obaň çetindäki igde agajy Hem gulaç ýüp ýetdi onuň "dadyna". Sada ýigit arman bilen gitmedi, Ýumulgydy dideleri-gabagy. Namys onuň abraýyn dikledi Ýykyp-ýumrup "ahmyr" atly gabawy. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||
