09:31 Ikinji adam | |
Men saňa: “Söýýärin!” diýip ýalbarsam, Gadym ýaşap geçen aşyklar deýin, Sen diýýärsiň ýüzleriňe çaýyp gam: “Ikinji adamy nädip söýeýin?!” Sen meni ikinji orunda goýup, Ýaňzydýarsyň maňa Birinjiň baryn. Hem: “Başga birini söýäý-dä” diýip, Egismek isleýäň kalbymyň zaryn. Ýok, men başga eşitdirmen ahymy, Goý, sen diýip örteneýin - köýeýin, Menem edil özüň ýaly ahyry — Ikinji adamy nädip söýeýin?! Tirkeş Sadykow. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
