09:22 Il aladasy | |
|
Atly ýolagçy çeşmede, Hyýallandy dynç alara. Eýtdi-beýtdi, agaç tapdy, Gazyk kakyp at daňara. “Ýene biri atyn daňar, Men dek düşläp suw içende”- Diýip, gazygyn g:aldyrdy, Atlanyp ýola düşende. Bir günem suw içsem diýip, Sowulanda çeşme taýa, Büdredi hälki gazyga, Geçip barýan bir pyýada. Demin dürsäp, gitjek çagy, Ol hem etdi-de tapyrdy, “Büdräýmesin ýene biri”- Diýip, gazygy gopardy. Haýsy etdi az-kem sogap, Bil, okyjy, senden jogap?! 2022 ý. *** Göçüp gaýdan ýerimizi gorap, eýesiniň gelerine garaşyp galan, “Gara” atly itimize bagyşlanýar. Adam ara haýwan parhy diýlende, Göz öňüne tutýar aňy köp bende. Haýwan diýlen närsä aň-oýsyz diýse, Ynanjakmy sen, eýse?! Öňden aňýar gaý, tupanyň turjagyn, Öňden aňýar hat-da ýer yranjagyn, Eýesin, tünegin söýse, eý görse, Aňsyz bolarmy, eýse?! Awunda ulansa hile-aldawy, Toparyna berip bilse goldawy, Taýakdan daş dursa, mähiri duýsa, Akly bolmazmy, eýse?! Aňsa kimler duşman, kimlerem dosty, Duşmandan gorasa ynalnan posty. Şeýle itdi biziň Gara “neresse”, Şu söze mynasyp dälmidir, eýse?! 1993 ý. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
