23:47 Ilim ajap | |
Ilim ajap, zaman ajap, ýurt ajap. Mermere bezenen yşk abat ajap. Sährasy, dag, düzi, çöl, köli ajap, Ýaz, tomus, güýz, gyşy döwrany ajap. Geçmişim, şu günüm, geljegim aýan, Türkmenim, milletim ärdir ner saýam, Halkym beýik bir Allaha sygynýan, Köňüller Hak bilinen raýlarym ajap. Ak sakal gojalar, ak saç eneler, Ula uly, kiçä mährem deňeler, Sada hem mähriban hüýrler, sonalar, Mert edermen ärler zorlarym ajap. Allaň nazar salan milleti halky, Keremiňden eçil bereket haky, Ýurt gojasy halkyn mähirläp herki, Sansyz bar eýlenen işleri ajap. Halmyrat türk iman milletin, halkyn, Buýsanyp wasyp eder Oguz han hakyn, Geçmişe, şu güne, geljege galkyn, Jenneti mekanym menziller ajap. Halmyrat ORAZOW. 27.03.2023 ýyl. | |
|
| |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
