01:03 Iman ogrusy | |
Resuldan nesihat bu hadys syry, Adam ogly sydka iman eýleýip. Musulman üç ýolda bolmasyn egri, Diýip ymmatyna gör ne söýleýip. Täjir kärin söýüp ömüre baş etseň, Rysk malyňny halal bilip ýöretseň, Tereziň içinde agramlyk satsaň, Dowzah ataşyna çekilip neýleýip. Myhman bilinip bir ojaga barlanda, Ojak hakyn içgin daşgyn görlende, Edep haýa bilen göz söz berlende, Göz ogrusy bolmazlygy syrlaýyp. Ýene bir ogurlyk namaz içinde, Rukugda, sujutda kelam açanda, Hars edip okamak haramdyr munda, Namazyň ogrusy bolunyp harlaýyp. Halmyrat imana kast etseň biliner, Sorag meýdanynda bu teniň tiliner, Halyňa haýyp eýle, ol güni geliner, Söýgüli pygamber takyk söýleýip. 07.04.2023 ý. Halmyrat ORAZOW. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
