14:16 It | |
|
Ol ak tüýli, diýseň gowja güjükdi, Bantigi-de bardy akja esgiden. Arman, onuň akja ýüzi öçükdi, Arman, üýrmeýärdi güjük Moska deý. Iýilende ertir, agşamlyk şamy, Boýnun burup, sessiz emenenokdy. Ýokdy janaweriň damarda gany, Aslynda, ol itiň damary ýokdy. Şagalaňly köçelerde ykmady, Tekjäniň üstünde geçdi her güni, Oň iýmiti üçin ýal gerkmedi, Puluň özi bilen bakdylar ony. Bedasyl pişigiň berýän kötegne Gulajygyn sallap, çydam edýärdi, Işi — hojaýynyň berýän köpügni Agyz däl-de, ýeňse bilen ýuwdýardy. Onuň bolsa, özge itler mysaly, Üýresi gelýärdi uzyndan-uzyn. Oň hyýaly — ähli itleň hyýaly — Itiň güni diýseler-de, örän kyn. Oýun. Ygmak. Söýmek. Undup bar zady, Adam nebsin saklan bir betbagt itdi. Ol öz täleýinden şeýle närzady, — Tas jansyz halyna ýöräp gidipdi. ...Köçede keýp bilen it üýrse batly, Onuň daş ýüregin oda daglardy; «Üýrüber, doganym, sen örän bagtly, Üýrüber, doganym!» diýip aglardy. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
