19:57 Itiñ ýatak salnyşy hakynda hekaýat | |
|
It diýilýän jandar golaý gelip gyş, Sepeläp başlanda gar bilen ýagyş, Aç-hor syñsyraşyp, zat düşmän garna, Hamlary ýelmeşip gapyrgalarna, Inýänçä başyndan musallat, towky, Dünýäsi daralyp, gaçýança eñki, Gezip-gezip, agyr hala düşensoñ, Arzuw eden bolup başlarmyş onsoñ: "Şu aldajy gyşdan sag-aman sypsam, Tomus ýatak gurmañ ugruna çyksam..." Diýip gyssananda göwün ýüwürdip, Soñra ýatdan çykarşyny kän gördük. Adamlañ käsi-de edil şoñ ýaly, Başyndan inende dünýäñ gowgasy, Kynçylyk, muşakgat gysyp-gowranda, Gider ugrun bilmän, ýanyp jowransa, Şol it ýaly, boldan berse-de wada, Soñ ýatdan çykarmak bolupdyr kada. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
