23:23 Juwanlar | |
|
Ýetirdi olary söýgi menzile, Barmaklarda tylla nika ýüzügi. Indi goşulýarlar bu uly ile, Şu günden başlanýar dünýäñ gyzygy. Bagta bolan ynam barha berkedi, Juwanlaryñ güni arzuwda geçdi. Aradan aýyryp ähli serhedi, Bir düşekde iki dünýä ýerleşdi. ■ ÝAZ GIJESINIÑ ARZUWY Bulutlañ monjugyn üzmekçi bolup, Dag başyna özün urýar ýyldyrym. Ýaz gijesi magşugyna duşanlar, Düzülen monjuga bakýar ýylgyryp. Suwdan dolar oýuk daşlañ käsesi, Dür damjalar damsa dagyñ döşüne. Wadalaşyp pyşyrdaşyñ damja dek, Gözel bolsun bu gijäñiz durşuna! Garaşyñ sabyrly sowulsun bulut, Göreçlere ýyldyzlary ýygnasyn. Şol gijäniñ beren bagt paýyndan Söýgiñ bilen giñ asmana sygmasyn! ■ TOÝ GUTLAGY Gowudyr toýlañ bary, Nika toýy gowudyr. Gözbaşydyr durmuşyñ, Oglanlygyñ soñudyr. Gelniñ bilen bileje Bu durmuşa ätlärsiñ. Oñuşyk başa düşer, Eklänleri ýatlarsyñ. Iki ýürek bir bolar, Iki bolsañ ýeñildir. Ykbalyñyz birleşer, Birleşdirýän köñüldir. Ene size guwanar, Gülüp-oýnap gezseñiz. Ata size ynanar, Synaglara dözseñiz. Bir-birege guwanyñ, Derek bakar derege. Dakylsyn nika ýüzük, Barmaga däl, ýürege! Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
