22:22 Kaýyllyk | |
|
Göwnümiň ganaty gyryldy eýýäm, Uçanok ol al-asmanda pel-pelläp. Hasratdan hamsygyp, hyýalsyz huşda, Gezip ýörün gussa bilen ýöwselläp. Gijelerne uky gelmez gözlere, Ir bilen hä oýanmagam islemen. Öňler adyň tutup möwç uran kalbym, Bu gün gör-ä, gaýgy bilen beslenen. Başym egip, kaýyl boldum ýazgyda, Öň sendiň kalbymda, a häzir gussa. Ol şeýlebir ýakynlaşdy meň bilen, Hatda ýüregimde köşk gurýan ussa. Ýaralanan kalba indi parhy ýok, Goý, görmesin, indi seni gözlerim, Gijeler diňlemän uka gideýin, Söýgüleýän şol süýjüje sözleriň. Şöwür çekip, saçyň sypap gujakda ýatmaýyn, Öpmäýin süýji lebiňden. Boýnuňdaky gülzarlyga gark bolup, Mähriň duýup dem almaýyn demiňden. Indi ikimiziň ýolumyz aýra, Git uzaga, çykaýmagyn öňümden. Ykbal oýny sataşdyrsa bizleri, Garamaryn, senem geçgin deňimden. Görsemem gözüňde agynyň ýaşy, Ýa-da saňa tarap atylan daşy. Ýeke galsaň ýa-da bolaýsaň teşne, Çykmasa ýoluňda bulak ýa çeşme. Gözleriň gülmese güläýjek wagty, Tümlükde galaýsaň tapmasaň ýagty. Düşäýseň-de altyn guş deý kapasa, Mähir görmän dodaklaryň kepese, Kemsitseler ýa-da gyşda üşeseň, Özge ýara ah, sen düşek düşeseň... Ýylgyryşly ýaparyn göz damjasyn, Hiç kim aňmaz ýüregimiň sanjysyn. Ahmet ARAZOW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
