15:35 Kerkawy halaýan | |
|
Olam agaç weli, kän täsin ýeri, Gözüme şol köp agaçdan ileri. Daglaryň gerşine görkdigi üçin, Paltany tesdirýän berkligi üçin. Kül däl-de çog bolup galýany üçin, Mertligiň nyşany bolýany üçin. Kök atsa gaýaň-da jaýrylýanam çyn, Çog otundan uzak çoýdurýanam çyn. Sowuk, yssy dannap durmaýaram, ol, Gaýa, zawlarda-da ornaýaram, ol. Dagam ony oňat göreni-de çyn, Gerdeninden orun bereni-de çyn. Geň-taň ýeri bardyr ýene sanasaň, Halamajak neçün, kerkawy onsoň?! 1997 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
