15:39 Kiçijik garynja ulyja öwgi | |
|
Uzyn öň aýakda gaşanyşlaryn, Gybyrdaşyp azyk daşaýyşlaryn, Kän synladym garynjalaň hinlerin, Olaň durmuşlaryn, ýaşaýyşlaryn. Aladasy hemmesiniň gyşdyr, gaý, Hemme bir dek eklenç üçin başagaý. Duýulmaýar ýaltalyk ýa gedemlik, Ähtimal, bir-birne mährem, hoşamaý. Agzybirligiň-ä gory bularda, Zähmetsöýerligňem bary bularda. Megerem ýok bärde göwne degmeklik, Käteler bolýan zat biz adamlarda. Borç, wezipe barly her birlerinde, Düzgün ýola goýlan çuň hinlerinde. Bereket hem bolaýmalydyr hökman, Köpüň bile halal işlän ýerinde. ...Mähir, duýgy küýsän gamly günlerim, Höwes etdim garynjalaň hinlerin. 2018 ý. *** Çet ýurtda okaýan ogul-gyzyna, Synlap sowalga-harç geçiriş däbin, Ogluna garanda köp puly gyza, Ibermegniň soranmyşlar sebäbin. Jogap beren şonda şol dana kişi: “Zaýalap bilýändir ýigidi dokluk, gyz-gelnem ýokluk”. 2022 ý. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
