10:02 Köne pikirler täze goşguda | |
![]() Köpi gözläp azdan galyp ýörenden, Ýeke-täk naçary söýen ýagşydyr. Soňra “Geç günämi!” diýip durandan, Birbada “Bagyşla!” diýen ýagşydyr. Aç ölen ýeg minnetli aş iýenden, “Aý, namysdan ölen barmy” diýenden, Myhmanyn öňünde boş gap goýandan Ýekeje toklyňy soýan ýagşydyr. Wada berlen “Altyn asyr” küýseler, “Indi saňa näme gerek?” diýseler, Soragçylar gara telpek geýseler, Başyňa ak telpek geýen ýagşydyr. Aýlawa gireniň, goý, öňki bolsun, Baýraksyz galanyň, goý, soňky bolsun. At kimiňki bolsa, goý, şoňky bolsun, Herne öz eliňde uýan ýagşydyr. Bar, sen otyrsyňam şanyň tagtynda, Gör özüňi iliň-günüň bagtynda. Ýagşy näme, ýaman näme – wagtynda Perzent gursagyna guýan ýagşydyr. Tagta çykyp, il göwnüni ýykandan, Hydyrsyrap, soň hyrs bolup çykandan, Bulut bolup gara ýere çökenden Asmanda ak ganat ýaýan ýagşydyr. * * * ULUMSYLYK Serhowuzdan çykan juwan gyz kibi Aý gizlendi töweregne garanyp. Döwüň gowagyna dönen gözýetim Şeýtanyň kalby deý ýatyr garalyp. Aýperiň üzülen hünjüsi deýin Ýyldyzlar birgeňsi pytraşyp ýatyr. Pyragyň goşgusyn diňleýän ýaly Baglar gamly başyn yralap otyr. Geçmişe bakýasyň gaňrylyp yza, Buýsanjyň ökünçden ýeňilrek gelýä. Ýene güberilýäň beýgeljek bolup, Başardanok. Göwre hasam kiçelýä. Nirde gyşyk basdyň, nirde büdrediň – Geçmişi gaýtaryp mizana salýaň. Şübhelenýän dürslügine tereziň, Bitaý tarapynam deňlejek bolýan. Bäsleşik ýok tebigatyň güýjüne, Senem il deňinde dyzyňa çökýäň. Adamlaryň paýlaşmadyk derdini Merdemsi daragtyň düýbüne dökýäň. Sary çäge, ýaşyl maýsa, gök asman... Begres geýen bu meýdandan ganma ýok. Sen öýden çykypdyň gezelenç üçin, Nämüçindir – dolanasyň gelenok… Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||