00:37 Köpetdag | |
|
Köpetdag bar mydarym, Guşgy, Nohur, Sumbarym. Barça türkmen buýsanjy- Başlary garly dagym. Dereleriň bag örter, Ýollaň belende elter. Çeşmeli çaýlaryňda, Ylham geler, güýç artar. Köpetdagym, biriň men, Ownugyň däl, iriň men. Taýyn ýumuş-ýoluňa, Seri sagyň, diriň men. Buýsanyp irmän, arman, Söýerin, jan gaýgyrman! Men bir jan, bir ten bolm:an, Bu daglardan aýrylman! 2007 ý. *** Goşgy ýazsam diýýän, wasp edip dagy, Dagyň dagdanyny, arça, kerkawy. Ah, neneň hezillik, görseň gözellik, Çeşmeli çaýydyr, keýikli zawy. Ýöne çekinýärin, gowşadyp saly, Galama ýapyşyp duramok häli. Paltaly, tüpeňli neti garalar, Okap, daga hüjüm edäýjek ýaly. Şeýdip käte gözellige abanýan, Bolar-bolmaz howpdan ony gabanýan. 2018 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
