18:41 Küýseg | |
Özdemir Asaf Küýseg Bir gije, Gijede uky. Ukynyň içinde bagly. Uklaýaryn. Ukuda men Ýanymda sen. Ukuda düýş, Düýşümde bir gije, Gijede men. Bir ýere gidip barýan, Aňsyz ýaly- Aňymda sen. Men seni söýýärin, Pynhanja. Garşysynda durup, Bakyp ýüzüne, Bir agyz geplemän, Hiç zat. Seni ýitirýärin Tüm garaňky pursatdan. Birden oýanýan, Seretsem ýagtylyk; Gapdaljygymda uklaýarsyň ... Ne ajaýyp. Çyzgy goşgusy Gelerin, garaşyň diýdi, gitdi... Men garaşmadym, ol gelmedi. Ölüm ýaly bir zat boldy. Emma hiç kim ölmedi. Şu gün we şu gün goşgusy Günler şeýle çalt geçýär Durmuşyňyza-da göz aýlaň. Düýn doglan ýaly. Täze mekdebe başladyk, Biz diňe söýýärdik. Günler şeýle çalt geçýär, Durmuşyňyza göz aýlaň, Hemme zat ertir gutarjak ýaly, Ertir öljek ýaly. Biz henizem durmuşdan doýmadyk. Biziň günlerimiz düýn bir, şu gün iki Ertir üçin hiç zat goýmaň. Ýalňyzlygy paýlaşyp bolmaz Ýaşaýyşda bir pursat ol, Elmydama täzeden başlaýan... Daşyndan düşnüksiz. Ýa-da äpet bir ýalan, Kowladykça kowlaýan, Bölüşip bolmaýar. Şu düşünje hem bizi aýyran, Ýalňyzlyk paýlaşylmaýar. Paýlaşylsa ýalňyzlyk bolmaz. 2 = 1 Biderek Ol kim diýmäň ... Bu men. Gapyňda duran şeýle men; Tutuşlygna sen. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||

