00:52 Kyn sungat | |
|
Dünýäde kyn sungat adam tanamak, Dost diýeniñ bir gün çykaýýar duşman. Ýagşylyk tamasyn etmedik kişiñ, Ýagşylyk edip ýör dilen çolaman. Dünýäde kyn sungat adam tanamak, Wepaly diýeniñ - wepasyz eken. Käbir adam mañlaýyñdan sypalap, Kalbyña çümdürýär zäherli tiken. Dünýäde kyn sungat adam tanamak, Ýagşylar köplükdir, ýamanlar azlyk. Tersine bolaýsa eger bu ahwal, Dünýäñ soñy geler, ýaşaýyş bolup. Dünýäde kyn sungat adam tanamak, Enaýy däl ýyldyzlary sanandan... Ýamanlary ýagşy diýip tanagyn, Ýagşylary ýaman diýip tanandan. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
