10:50 Leýlisaç | |
Bu daragta owadanlygyň şeýle hem, gam-gussanyň nyşany hökmünde garalýar. Aşyrberdi Kürt, “Biler bolsaňyz”. Eşidipdim, seň leýlisaç, Şahalaň öň dim-dik eken. Saýaňda Mežnun ah urup, Leýliniň zaryn kän çeken. Dady-perýada çydaman, Şahalaň aşak sallanan. Şol sebäpli sen “mežnun tal” Hem “leýlisaç” atlar alan. Daragt barynyň serweri, Kalbyň çensiz ýuka borly! Bolmanda özgäň oduna, Öz ömrüň köýdürme bormy?! Şal geýinen Leýli gyz dek, Çöşlän saçlaryň hamala, Durky bilen ikiýana, Elenýär sähel şemala. Aşyk Mežnunyň syrdaşy, Eý, owadan, gamly agaç! Gel, birsalym iç döküşip, Paýlaşaly gam, leýlisaç! 2022 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
