04:45 Magnit | |
Birmahallar magnit bolup birigip, Bir tomus däl, ençe gyşy ötürdik. Aramyza dil sygmadyk mahaly, Magnit bolup bir-birimiz iterdik. Şondan bäri hyýallara gark bolup, Parhsyz atyrýarys her gelen dañy. Men ýarama spirt çalyp ýaşaýan, A sen aý-günleri edipsiñ dañy. Köwüşlermiz bir-birne baglardyk, Bu gun bagjyklarmyz özün baglap dur. Geliñ bizden nusga alaýyñ diýip, Seret, ýatlamalar ýene aglap dur. Bir-birege düşünýärkäk dilmaçsyz, Özgä dil öwretmek bize takdyrmy? Şeýdip kowup ýörsek binamys bagty, A soñ ol tarapa bizi bakdy:rmy? Özgä gülüp, pyçak urýas her sapar, Bilýäris-ä, gözlerimiz gynam däl. Ýöne şu bolşumyz, gözümiz dagalp... Bagyşlamak şu gezişden kynam däl. Bir-birege ýeñse öwrüp gaharda, Ýürege ýaş baglap pyzyp yörüs biz. Emma, ykballarmyz bir-birin çekip, Heniz magnit güýjün syzyp ýörüs biz. Ahmet ARAZOW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
