21:01 Moskwadan görýärler | |
(Baý döwletleriñ töhmetleri) Gün dogsa äleme düşýär ýagtysy - Baý döwletler Moskwadan görýärler; Ýagtydan paý alsa belendi-pesi - Paýlanany Moskwadan görýärler. Zulum edip, milletleri basýarlar, Urýarlar, sögýärler, dardan asýarlar, Işçileriñ ýüzläp başyn kesýärler - Iş taşlansa, Moskwadan görýärler. Milleti gyrýarlar tüpeñ, top atyp, Ýetim, ýesir edip, mal ýaly satyp, Garşylyk görkezse biri baş tutup, - "Bozgaklygy" Moskwadan görýärler. Mazlumlar nalasy asmana ýetýär, Içleri ot alyp, tutaşyp gidýär, Moskow öz işinde, size näme edýär? - Mazlum zaryn Moskwadan görýärler. Ýurtbasarlar gabyrlaryn gazýarlar, Ýarag bilen millet baryn ezýärler, Keýpleri üçin milýon jana dözýärler, - Ýene baryn Moskwadan görýärler. Azatlyk gününiñ dañy atypdyr, Aga-baýarlygyñ döwri ötüpdir, Mazlum iller baý bogazyn tutupdyr, - Bogulýan Moskwadan görýärler. Maýadarlar günbe-günden gynanýar, Möhleti azalýar, janlary ýanýar, Çabalanýar, çar tarapdan synanýar, - Jan ajygyn Moskwadan görýärler. Ýanwar, 1929 ý. _________________ Goşgy gysgaldylyp alyndy. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
