09:48 Tutsa gerekdir | |
|
Ýaranlar Eziz han toýuny indi, Bir sähetli gün belläp tutsa gerekdir. Mollamurt hiç gitmän öýüne indi, Her dürli dessanlar düzse gerekdir. Başdan aýak külli Ärsary gelip, Teke, Salyr, Saryk bisýary gelip, Utamyş, Togtamyş hem bary gelip, Bir-birinden öñe gitse getekdir. Bir aý baýrak bolar bedew çapylyp, Meýdanlar süpürlip suwlar sepilip, Köñül isläp herne zadyñ tapylyp, Dilegi Alladan bitse getekdir. Ürgençden, Balkandan, Gazmyn, Tährandan, Maşatdan, Hyratdan, Balh-Badahşandan, Gazakdan, Galpakdan, Gyrgyz, Kokantdan, Toýy gutlamaga gelse gerekdir. Niçe müñ bagşylar hoş owaz bilen, Söhbetler gurular dürli saz bilen, Näçe müñ perizat geler näz bilen, Harem tomaşasyn etse gerekdir. Eziz etmiş möwlam ezelde muny, Köñlüne salmandyr zerre gaýgyny, Toý üçin halaýyk jem bolan güni, Serpaýynyñ sany ýetse gerekdir. Türküstan oblastda tapylmaz taýy, Eziz etmiş milletleriñ hudaýy, Şudur ýerde bolsa Hatamyñ taýy, Şadu-horram bolup gitse gerekdir... Mollamurt. | |
|
| |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
