09:32 Ynanarmykan? | |
Maýadarlañ "ýaragsyzlyk" sözlerne, Dünýä ýoksullary ynanarmykan? Ýurtbasarlañ gandan gyzyl gözleri, Işçiler ganyndan hi ganarmykan? Aýba-aý artdyrýar deñiz güýçlerin, Görkezýärler sözleriniñ puçdugyn, "Ýaragsyzlyk" diýip görýän işlerin, Ýaragy köpeltmek ýol alarmykan? Ýalan gowga salyp, külli jahana, Gözbagçylyk üçin gury bahana, Zähmetkeşler düşýär syrry-nahana, Bolany bir taýa dolanmazmykan? Maýadarlar taşlajakmy ýaragy? Ýarag dälmi ýurtbasarlañ geregi? Gözleri kör bolup, çyksa garagy, "Ýarag-ýarag!" diýip dillenermikän? Hakyky dynçlykdyr Meskew myrady, Rahat-asudalyk tüýs gerek zady, Maýadary ýakjak ynkylap ody, Uçgundan tutaşyp ulalmazmykan? Dekabr, 1929 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
