11:12 Mynajat | |
Sen maña kuwwat ber, merdem bolmaga, Ýüregimi ezýetlere taýynla. Aýralyk tyg bolup dilse-de kalby, Ol rahat urup dursun jaýynda. Kalbyma umyt sal, lowlasyn dursun, Şaman ody ýaly öçmän yşygy. Tukat ýeller öwsüp, sowulanda güýz, Şonuñ bilen geçirerli gyşymy. Pula satylmaýan iman ber maña, Men imansyzlardan edýärin heder. Günümi aýlaryn aýlyk bilenem, Şonda-da halal nan miýesser eder. Salyhatly oýlanaýyn gepläýin, Goýma meni zynakärleñ oýnuna. Aýpalta meñzeş Aý gülýaka bolup, Dakylmasyn bir jelebiñ boýnuna. Çary ÝEGENMYRADOW. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
