15:00 Ökünç | |
Ezilip çoýunup görmedim oda, Ýaz deý çagajyga habar gatmadym. Uzakda mes bolup göterdim bada, Goňşymyň öýünden habar tutmadym.. Bilmedim jahanda myradym nedir, Söýenim ýok, Bardy diňe halanym. Ýatsaň-tursaň kellä geljek zatmydyr, Öz kerwenmi öz-özümiň talanym. Maňlaýyňa tygyň ujy degen deý, Ýokdy almaz sözin ýüzüme çeken, Indi muňa mertebäm diýip begenme, Diýmek meniň eziz dostum ýok eken. Ýüpek şöhle bilen gözümi açan, Gündizim öýläne hyýal edipdir. Güýzlerde miwesi şemala gaçan, Daragtym bireýýäm garrap gidipdir. Gaýtgyn yz goýupdyr çyrpynan ýaba, Men bu säher il bilenmi,ýekemi... Ilki oýun edip,soňundan (toba), Ömrüň geçip gidiberjek ekeni. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||
