00:54 Ömür ýyldyzy | |
|
Duýýan, käte sen aýratyn golaýym, Buýur, mydam hyzmatyñda bolaýyn, Boz çägede galan tylla zire deý, Düşläp tellerine gökje ýylagyñ- Topragyñdan aýdym çöplär gulagym! Sowa sakla bir manysyz gabykdan, İl kalbyna akdyrmawer läbik deý, Bilýärin, şeýle bir çar bağlar dörär, Bolsam bolaýyn men kıçı şänik deý- Saña öser pikirlerim gämik deý. Gowulyk edesim gelýär şu pursat, İçine dağlar Siñdiren gursak- Kemeri gaýasy, çeşmesi bilen, Peýdamyz değsin illere barsak, Eşdemol, diýse-de şeýtanlar " ters ak! " Diýýarler Ýyldyzlar ömürden nyşan" Haýsysy dogrudur, Haýsysy ýalan, Erteki tapmaça aydasym gelýär, Yhlasy y görseñ bolarmyñ hoşal,- Ol mydam bilinci aklyga guşan! Hol topbak ýyldyzlar belkide kowmum, Ýylpyldap, beğenip tanandyr kowmum, Gögünde, Zeminde üzñelik tapman, Telwaslar içinden meni görüpler, Bir ýyldyz düşmekçi, Ol meniñ oğlum!.. Ýaşaýyş pelsepe - Ýaşaýyş matal, Her kime bir ykbal Nesibe atan, Bu ýagşy günlerden ýagşylyk gözläp, Men senden duýýaryn ýakynlyk Watan, Hem şeýle ykbala nesibäm atan... Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||
