09:22 Öwrenilen gylyk... | |
Jübi ogrusyny, dolup möhleti, Gözegçi çykaryp barýar türmeden. Hem sargaýar ogurlygyn goýmagy, Ägä bol diýp, türmä gaýta girmeden. Gözegçiniň tabşyrygna, pendine, Aglamjyrap diýýär: gelmerin gaýdyp, Hem gujaklap ony, bilini gysyp, Çykyp gidýär ogry, alkyşlar aýdyp. Bozulan gözegçem ýaglygyn alyp, Süpürjekdi çygjaran göz-burnuny. Sermense jübünden ýom-ýok bolupdyr, Ýaglygy, gapjygy-zady, gör muny! 2021 ý. *** Çatrykda duşdy salymlyk, Bir zat aýtjak ýaly etdi. Ýüzi salyk, göwni soluk, Aýtman, yza bakman gitdi. Kalpda gozgalaň duýuldy, Çünki aýtjak zadyn aňdym. Ýüregim gaty gyýyldy, Gürläp bilmän, doňup galdym, Diýjek boldy: -bir döwürler, Ykbaly ykbalňa çatdym. Bir-bire zardy göwünler, Neneň dözdüň, meni satdyň! Hoş gal indi, nätjek dagy, Men özgäň awtoulagy! 1997 ý. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |