04:17 Öýkelärmiş | |
|
Ýalan gülleri ysgasañ, Ol çyn güller öýkelärmiş. Saýlasan ýoluñ gysgasyn, Uzyn ýollar öýkelärmiş. Penjiräni ýapyk goýsañ, Erkin ýeller öýkelärmiş. Gapdalyndan güzer oýsań, Her gün köller öýkelärmiş. Ýeñles gyzdan posa alsañ, Agras gyzlar öýkelärmiş. Ýaz gününde joşman oñsañ, Begres ýazlar öýkelärmiş. Öñlerine böwe bassañ, Däli siller öýkelärmiş. Toý gününde ýüzüñ assañ, Uly iller öýkelärmiş. Taryp etseñ gözel gyzy, Uz gelinler öýkelärmiş. Saýgarmasañ çölde ýazy, Ýaz, selinler öýkelärmiş. "Göz aldamaz" diýip özseñ, Suhan diller öýkelärmiş. Suw getirmän, küýze döwseñ, Suwsan peller öýkelärmiş. Öwseñ ýaryñ gunça lebin, Inçe biller öýkelärmiş. Akmak ýapjak bolsa kemiñ, Şonça ilden öýkelärmiş. ■ ÇYKAR Ýaşlygyñ şol joşly döwri Kükrp gelen ýazdan çykar. Näziñ kalba ýakymlysy Güýz deý agras gyzdan çykar. Dag başyna bu ýodalar, Aýa ýaly düzden çykar. Garaşmadyk morta zadyñ, Ýere bakan ýüzden çykar. Tene düşer tyg ýarasy, Bagra ýara sözden çykar. Dilden çykar ýylmanak söz, Hakykysy gözden çykar. Ene topragyñ tagamy, Herhal halal duzdan çykar. Arly ýyllap döken deriñ, Ol goýazy güýzden çykar. Soñsuz ýollaryñ manysy, Ýolda goýlan yzdan çykar. Watana zerur kuwwatyñ Epilmedik dyzdan çykar. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
