05:52 Öýkeli gyş | |
Ýapraklar saralanda, Bakyp, gynandyk. Durnalaň uçup gidenne, Örtendik, ýandyk. Gyşam geldi, göwnün açyp, Sowgatly-zatly. Päk niýetli, köp-köp nepli, Sowgy heýhatly. Neti gar-gaý, doňy bilen, Ýazy ýaz etmek. Meýdanda ir-iýmiş, kölde Gazy köpeltmek. Doňundan doňarys öýdüp, Gynandyk ýene. Dowamat gyş-garsyz ýeňil Bormy diýsene?! Kä adaty ýagdaýlara, Gamlanmamyz bar. Ünjüli ýüz-gözümizden Ýagýar göýä, gar. Gyşam gar gaýdyrmady kän, Gökden gaýdýan. Ýüzümizden ýagýan ýetik Görýär öýüdýän! 2021 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
