18:24 Özüme | |
Amanat zatlary özümki görmän, Köp wagtymy köp geçirdim boşa men. Gezýärkäm köplügi ündäp her kese, Gör, kalbymda kök urupdyr goşa men. Ýanmaklyk, ýazmaklyk täleýdir öýdüp, Ýandym, ýazdym mydam gelşine görä. Hakykaty aýtsam-da men, Kä mahal, Diýdim alnymdakyñ bolşuna görä. Dünýä kä bir zatlar goýmak isledim, Emma, Öýi doldurmaga gerek goş-golam. Nädip ile paýlaşýanym bilemok, Bir doñ kalby eretmedik goşgulam. Bähbit üçin gelmesem-de bu dünýä, Çetde durman menem bähbit aradym. Ýüzi ýoklar meñ ýüzümi alanda, Dalamadym, biraz galtyz daradym. Köp gezek ýandym, ýykyldym, turdum, Şonda-da bu göwnüm ne ýyrtyk ne kir. Gynanýan, birnäçe kalplary ýykdym, Göwün görenlerim örän köp, şükür. Ahmet ARAZOW. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||
