18:00 Özümi tapjak | |
|
Goşlam ýene meni äkidip barýar, Aýnadakam öňkiler deý ylhamsyz. Ýol ugrunda terminaldan pul salyp, Seniň bilen söhbet etdim - ulgamsyz. Göwni görýänlerem geçmişde galdy, Degýänem ýok, öz-özüme degmesem. Adam bolup uçmak isläpdim, ýöne... Uçanoga guş diýenleň hemmesem. Giň dünýäniň bu şäheri dar maňa Göwräme seretsem - buda kontrast. (Meniň maňlaýdaş okyjylarmyňam, setirlerimiňem menden ireni rast.) Ýerinde ýok eken, bolmasa düýnem Ýüregimi ýoklajakdym dilleşip. Bu ýalança geleni-de köp juda, Heýkelin oturtmaň maňa meňzeşiň. Kölegämi gyrkyp öýde ýatyrjak, Beýnimi nyşanlap onlukdan atjak. Bedenimi ýakjak hindiler deýin, Hem ozal tapmadyk özümi tapjak. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
