SAZ
Ýagşy synlap,
Bagşy gynap gyjagyny
Boşap galan gujagyny
Takdyryna tagma edip,
Köp soragly nagma edip,
Sazyn çalýar...
Baryn çalýar...
Ýagşy synlap,
Özün gynap
Ukyp açyp - skripkaçy
Ýatlaýan dek geregini
Otlaýan dek ýüregini
Aýby üçin ýeke-ýeke
Kalby edip tike-tike
Sazyn çalýar...
Baryn çalýar...
Ýagşy synlap,
Ykbal gynan,
Bir winoçy - pýaninoçy
Arman basýar
Durman basýar
Gussalaryň düwmesini
Ýatlamalaň hemmesini
Bir galdyryp,
Bir öldürip
Sazyn çalýar...
Baryn çalýar...
Ylham GURBANALYÝEW.
Goşgular
Категория: Goşgular |
Просмотров: 443 |
Добавил: Alchemist23
| Теги: Ylham Gurbanalyýew
| Рейтинг: 5.0 /1
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 3
Порядок вывода комментариев:
По умолчанию
Сначала новые
Сначала старые
0
Gowy eken tüweleme. Bir düşünmedik ýerim başda gyjak çalýan hakda gürrüñ gidýâr, goşgyñ ahyrynda winoçy pianinoçy hakda aydylýar?!
0
Salawmaleýkim. Hersi aýry adam agam. Hersiniňem çalýan zady gaýgyly saz.
0
Waleýkimsalam!
Ýok, goşguda iki sazanda hakda gürrüň gidýändigini sazlaşdyrsa-da bolardy.
Emma goşguda kapyýalara gaty gowy yhlas edilidir-de, beýleki bir sazlaşyk unudylypdyr. Herhal, üstünlik arzuw edýäris!