11:57 Ýetmezim | |
|
Aýryp bilmän bir söýenmi serimden, Yzda goýup söýýänleriň niçesin. Mäkäm tutup ýalňyzlygyň elinden, Synlap barýan ykbalymyň köçesin. Öňler şeýle ajaýypdy - ol köçe, Ýollary gurlupdy geljege sary. Kynçylyk bolsa-da, her güni niçe, Şatlykdan doludy duralgaň bary. Umytlar ýaşardy arzuwy bilen, Yşkdan ýaňa şuglalydy gije-de. Her bir penjiresin ynamly gören, Mahrum däldi - "bagt" atly bijeden ...Arman, indi şol köçäňem kemi bar, Bolmaýşy deý gözellerňem bir kemsiz. Şol ýetmeziň müdümilik ýeri bar, Ýetmezim - Sensiň! Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
