10:02 Razy men | |
|
Razy men bu dünýäden – Ömürboýy pikir edip, Diýjek sözüm diýip gitsem, Beren duzuň doly haklap, Watan duzun iýip gitsem. Razy men bu dünýäden – Üşän wagty ojar bolup, Dostum üçin köýüp gitsem. Müň gözeli gowy görüp, Bir gözeli söýüp gitsem. Razy men bu dünýäden - Ýamanlara tiken bolup, Ýüreklerne batyp gitsem, Al gül bolup, ýagşylaryň Toýlaryny tutup gitsem. Razy men bu dünýäden - Ajal bilen dikleşemde, Aglap däl-de, gülüp gitsem, Dünýäde artyk bolmanmy, Kem boljagmy bilip gitsem. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 2 | |
|
| |
