13:59 Saçyñ näme... | |
Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi? Muňa bir söz bilen jogap bermek kyn. Ir giden atama bergidar galdym, Bir tar saç şoň üçin düşendir mümkin. “Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi? Wah, sorama, onuň sebäpleri kän. Ejem bir şatlyga garaşýan güni Öýde az-kem hasrat tutupdy mekan. “Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi? Käte ne özüme, ne-de bi ile – Peýda bermän kän günlerim boş geçdi, Düşen bir tar saçyň sebäbi şeýle. “Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi? Güldüler ýörşüme özümi kösäp, Dogry sözüm üçin urdular käte, Hatasy barlardan soralman hasap. “Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi? Perwaýsyz seredip bilemok dünýä. (Bu zatlara düşünmedik düşünmez, Bu zatlara düşünenler düşünýä. “Saçyň name seýrekläpdir” diýýäňmi? Belki, şu ýerliksiz soragyň üçin Bu seýrek saçlaryň ýene bir tary Edil şu pursatda düşendir mümkin. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
