11:50 Sagadym | |
Diwarda zaňly sagadym, Gel, anyk wagt belleşeli. Garaşara ýok takatym, Ýol ugura gürleşeli. Bileje ýaşasak-da öýde, Bileräk deň ýöremedik. Bolup bilmän hem bir köýde, Bir-birege garamadyk. Sen-ä gaçdyň, menem kowdum, Ýeter ýaly däl yzyňdan. Gitdigiçe meniň kowgym, Peseldi gitdi gün-günden. Men-ä goltugym kitaply, Seň jüwi telefon eliňde. Düwme basyp barýaň batly, Geň tehnikalar egnigde. Ikimiz öňe ýöredik, Men kä yza garasam-da, Sen diňe öňe seredip, Garramaýaň, garratsaň-da. Haýran men, zaňly sagadym, Bir säginmän eňişiňe! Yzyňdan ylgap ýadadym, Boýun, seniň ýeňişiňe! 2021 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
