10:09 Şäheriň peýzažy | |
|
Gözlerine ýyldyz gaçan gijeleň Süýt dökülen ýaly köçelerine. Göze görnen gyz deý gözel ho:l Aýam, Şöhlesini ýere seçelär, ine. Şeýle bir süýt reňke boýalar asman, Eliň aýasyna gonar ak şäher. Gökdäki bulut deý tämiz ak öýler, Göge göteriljek üfleseň sähel. Gözlerini gyrpýan uzyn ýolçyra, Bagta sary ataryp dur ýollary. Seýilgäh şeýle bir ýagty görünýär, Nur saçyp dur onuň köz deý gülleri. Bu gijeler seýle çyksaň şähere, Ädimleriň ädimsaýy tijener. Hem uçarsyň, hem düşersiň goýnuna bu gijeleň, ýyldyz gözli gijeleň... Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
