Sähra möjegi! Aýan maña dertleriñ. Tilkileşip bileñok sen, Bilseñ-de, Alga alynmaýanyny mertligiñ.
Harasat lowlaýar, Ysyrganýañ gör, nämä, Içinde çap-çal ýalnyñ. Bu sähralañ epgegi deý uwlaýar, Awuşaýar, juwlaýar, Sähraýy kalbyñ.
Sähra möjegi! Eý, sen agzy ganly gurt. Iýseñ-de, iýmeseñ-de, Töhmetler hem şyltaklar, Tagmañ bolup galdy gurt.
Seniñki kyn, Götermeli bir özüñ, Bu sähralañ jezasyn hem namysyn. Gaýrat et, şepe! Sen sähranyñ görünmeýän hanysyñ.
Hemem hiç wagt ýaralanma, Bardy-geldi ýaralansañ, Ýaşyr ony! Ýaşyr! Ýogsam, Agyz urup ýaralanan ýeriñden, Iýer seni arslan ýa-da tilki däl, Öz kowumdaşlañ. Bu sähranyñ kanunydyr, señki däl.
“iýer seni” diýensoň yzyndan gelýän arslanly tilkili ýeri biraz näsazlaşýar. Iýer öýtme seni arslan ýa tilki, iýer seni öz kowumdaşlaň… ýalyrak bolmaly öýdýän. Ýöne, Hudaýberdi Söhbetow ussat eken. Gepini diňledýär. Haladym. Üstünlik dileýän.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]