21:14 Şahyrlar leşgerine | |
“Şahyr bolaýyn” diýp bolup bolanok, Ýazmanam bolanok, “ýazmaýyn” diýip. Kim galama elin ýakyp ýapyşýar, Kim oňa ýapyşýar, pohuny iýip. Eýsem, bu dünýäde kär gytmy başga?! Magtymgulyň yzyny bir pozma-da! Saňa hat öwreden behişde düşmez, Arza ýaz! Şowul ýaz! Goşgy ýazma-da! Ýa moda boldumy şahyrçylygam?! Ýa-da üýtgeşik bir bähbidi barmy?! Şahyr kän zat bermelidir iline, Ýa diňe alsaňam, saňa bolýarmy?! Serpaý ýerne gamçy degse egniňe, Ýekeje setir bir ýazarmydyň sen?! Ýa edipdir seni ýasan jenaýat, Ýa-da ýalňyşypdyr göbegiň kesen. Bormy şygryýete kast etmek beýle? Ony beýle-de bir zorlamak bormy? Şygyr diýip ölüp ýatan milletiň, Şahyra gelende maňlaýy şormy? Eýsem, şahyr dälmi aýnasy döwrüň?! Şahyr dälmi halkyň gulagy-gözi?! Şeýle arassady türkmeniň dili, Nirden tapýaň munça wejera sözi? Goşgy goşulmaýar bir adam üçin, Goşgy diňe il-gün üçin ýazylýar. Ýeterlik däl erkek bolup dogulmak, Erkek bolup ýaşalýar hem gezilýär. Bu gün binamysa dolandy döwran, Ýüzüň galyň bolsa, jübiňem galyň. Körzehini kör köpüge satyň-da, Gaýtargysyna-da kör abraý alyň! Şiraly NURMYRADOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
